1.
Deň hukukly halklarmyzyň dostlugy
Sowet ilin bir maşgala öwürdi!
Bu dostlugyň arkadagy Rus halky
Egsilmez doganlyk kömegin berdi.
Chorus:
Ýaşa sen kuwwatlan, eý azat Watan!
Barýaň Kommunizmiň ýeňşine bakan.
Lenin partiýasyndan güýç, alýan, ösýän.
Sowet Watanymyz, jan Türkmenistan!
2.
Beýik Lenin açdy azatlyk ýolun,
Bize baky ýagty durmuş getirdi.
Galkandyryp ähli halky hak işe,
Ýeňişe, zähmete, bagta ýetirdi.
Chorus
3.
Kommunizme baglap arzuw-erkimiz,
Aýdyň geljegmizi döredýäs, gurýas.
Gyzyl baýdagy biz berk tutup golda,
Biz beýik maksada, ynamly barýas.
Chorus
1.
Deň hukukly halkarmyzyn dostlugy
Sowet ýurdin sarmaz gala öwurdi!
Bu dostlugyn ýolbaşçysy Rus halky
Bize-de doganlyk, kömegin berdi.
Chorus:
Ýaşa hem şöhratlan, sen gözel Watan,
Diri gitmez saňa aýagyn atan!
Aýamarys seňin üçin şirin jan
⸢Güneşli⸣* Watanmyz, eý Türkmenistan.
2.
Açyp Lenin azatlykyn giň ýolyn
Bizi bagta, şat durmuşa getirdi,
Halkyň ogly, halk serdary Stalin.
Üstünlikden üstünlige ýetirdi.
Chorus
3.
Sowetler döwrinde ösdi ülkämiz,
Biz taryhi arzüwmyzga ýetişdik.
Sowet soýuzynyň azat halky biz
Hem zähmetde, hem göreşde berkişdik.
Chorus
* After the 2nd verse: Gülleýän
, after the 3rd verse: Mehriban
.